8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Moskwadaky “Altyn güýz—2014” sergisi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hususy pudagyna wekilçilik edýän türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijiler Moskwada geçirilen “Altyn güýz—2014” Bütinrussiýa obasenagat sergisinden altyn medallaryň 3-sini alyp geldiler. 

Şolaryň biri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän “Parasatly” daýhan birleşigine ýokary hilli miwe-gök ekin önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy üçin berldi. Hususan-da, şol önümler, ýagny pomidor, hyýar, düýp sogan, kelem, şeýle hem miweler we bakja önümleri mellekde ýetişdirilýär. Ýene-de bir altyn medal şol etrapda, Saýwan obasynda ýerleşýän “Merdem” hususy kärhanasyna subtropik zolakda miweleri ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy üçin berildi. Bu kärhana sergide almalaryň, armytlaryň, uly erikleriň, üzümleriň, garalynyň we hurmanyň aňrybaş sortlaryny görkezdi. Üçünji sylaga Derweze etrabyndaky “Parahat” hususy kärhanasy ekologiýa taýdan arassa we elin “Joş” hem-de “Eçil” şireli içgileri öndürýändigi üçin mynasyp boldy. 

Şu önümleriň ählisi serginiň çäklerinde guralan bäsleşigiň dürli ugurlar boýunça sylaglara we hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolmak bilen çäklenmän, sergä gelen köpsanly adamlaryň hem ünsüni çekdi. Ilki bilen, önümleriň özüne çekiji görnüşi, türkmen diwarlyklarynda goýlan miweleriň dürli reňkleri sergidäki önümleriň görkezilişiniň täsirliligini artdyrdy. Munuň özi islendik harydyň esasy alamaty bolup durýar. Şeýlelikde, türkmen oba hojalyk önümleri Moskwadaky sergide görkezilen şunuň ýaly önümler bilen mynasyp derejede “bäsleşmegi” başardy, sergä bolsa Russiýanyň 50-den gowrak sebitlerinden başga-da, 10 ýurduň önüm öndürijileri gatnaşdy. 



Türkmen bölümini synlamaga gelen myhmanlara hödürlenen miweleriň, garpyzlaryň, gawunlaryň süýji tagamy mazamlamak babatda öz täsirini ýetirdi. Başga ýurtlaryň hünärmenleri türkmen kärdeşlerinden bu ekinleri ösdirip ýetişdirmegiň tehniki we beýleki taraplary bilen gyzyklandylar. Bu ýere gelen adamlara türkmen topragynda biten önümler hödürlendi. Sergi-ýarmarka tamamlanýança, birnäçe günüň dowamynda üsti ýetirilip durulýan diwarlyklar dolulygyna diýen ýaly boşap galdy, munuň özi sarp edijileriň bu önümlere uly isleg bildirýändigini äşgär etdi. Ýeri gelende aýtsak, miwe-gök ekin önümlerimiziň görnüşinden we tagamyndan başga-da, onuň ekologiýa taýdan arassalygyna-da uly ähmiýet berildi. Munuň özi onuň biologiýa taýdan gymmatlydygyny we adamyň saglygy üçin peýdalydygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda oba hojalygyndaky önümçiligiň ýörelgelerini we aýratynlyklaryny, galyberse-de, döwletimiziň çäklerindäki, ilkinji nobatda bolsa oba hojalyk meýdanlaryndaky umumy ekologiýa ýagdaýy göz öňünde tutanyňda, azyklyk harytlarymyzyň arassalygy boýunça sanawda öňdeligi eýeläp biljekdigi şübhesizdir. 



Ýeri gelende aýtsak, sergä gelenler pudaklaýyn bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň harytlary babatda gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmediler. Agzalan ýagdaýlara görä, “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşdäki süýji önümlerine we “Salkyn plýus” kärhanasynyň süýt önümleriniň 10 görnüşine uly isleg bildirildi. Şonda moskwalylar özleri üçin adaty bolmadyk süzmäni dadyp gören mahalynda we onuň hakykatdan-da gymmatly häsiýetleri barada gürrüň berlende, bu önümiň giň köpçülige elýeterli edilip bilinjekdigi bilen gyzyklandylar. 

Sergi bilen birlikde, türkmen önüm öndürijileri forumyň işewürlik çärelerine-de gatnaşyp, hyzmatdaşlyga, önümiň dürli görnüşleriniň, enjamlaryň, tehnikanyň, dökünleriň, tohumlaryň iberilmegine, önümçiligiň tehnologiýasynyň alşylmagyna, oba hojalyk önümleriniň saklanylyşyna we gaýtadan işlenmegine degişli anyk meseleler boýunça köpsanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. 

Serbiýanyň, Wengriýanyň, Italiýanyň işewür toparlary obasenagat toplumy boýunça Türkmenistan bilen özara arkalaşykly hereket edilmegi babatda uly gyzyklanma bildirdiler. Russiýanyň miwe-gök ekin önümleriniň importy bilen meşgullanýan kompaniýalarynyň wekilleri, Russiýa Federasyýasynyň sebitleriniň dolandyryş edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrliginiň bölümleriniň, Moskwadaky Timirýazew adyndaky Oba hojalyk akademiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekileri bilen jikme-jik geňeşmeler bolup geçdi. 

Guşçulyk bilen ýörite meşgullanýan türkmen mülkdarlarynyň üstünliklerine-de aýratyn üns berildi. Meselem, hindi guşlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri alyp barýan türkmen telekesiçi M.Ibragimowyň toplan tejribesi synag hökmünde önümçiligi guramagyň oňyn nusgasy hökmünde hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Ol Türkmenistanda ilkinji bolup, hindi towugynyň Angliýada ösdürilip ýetişdirilen, tiz ulalýandygy we agram toplaýandygy bilen tapawutlanýan “Big 6” görnüşini getirdi hem-de häzirki wagtda Gökdepe etrabynda önümçilik kuwwatlylygy bu guş etinuň 4800 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýän hususy toplumy gurýar. 

“Altyn güýz” sergisine ilkinji gezek gatnaşan türkmen önüm öndürijileriniň gazanan uly üstünlikleri, olar bilen söhbetdeşlikler Russiýanyň ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesiniň – “Selskaýa žizn” gazetiniň, “Agrarnaýa Rossiýa” žurnalynyň, “Agro-TW” teleýaýlymynyň we beýlekileriň makalalarynyň özenini düzdi. 

Bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de ýurdumyzda işewürlik üçin ähli göwnejaý şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk we obasenagat toplumy bölüminiň müdiri Ş.Herremow häzirki wagtda hut milli Liderimiziň üns bermegi netijesinde türkmen hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň daşarky bazarlara çykmagy üçin hem örän oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändigini hem-de Moskwadaky “Altyn güýz-2014” serginiň muny tassyklandygyny belläp, şeýle diýdi: 

— Bu uly obasenagat sergisinde halkara derejesinde özara peýdaly hyzmatdaşlyk boýunça täze ugurlaryň açylmagy bilen çäklenilmän, başga ýurtlaryň Türkmenistana bol hasyl öndürýän, dogduk topragyna uly hormat goýup, yhlasly ideg etmek arkaly ony bagy-bossanlyga öwürmegi başarýan hem-de hoşniýetli dostlaryň we goňşularyň ählisini bereketli saçagyna çagyrýan zähmetsöýer we hojalykçy halkyň ýaşaýan ýurdy hökmünde täzeçe garaýandygyny bellemek gerek.

Degişli makalalar

«Mawy Ýangyç» Daşoguzyň Uzakdaky Obalaryna Ýetirilýär

Hazaryň Kenarýakasynda VII Halkara Gaz Kongresi Öz Işine Başlady

syrach

Birža Täzelikleri

syrach